HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Italiýa işewürlik forumynyň geçirilmegini we ykdysady gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Oktýabr 07, 2025 | 08:35 |12941
6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň “Italiýada öndürilen” önümler we kärhanalar boýunça ministri Urso Adolfonyň arasynda duşuşyk geçirildi.6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň “Italiýada öndürilen” önümler we kärhanalar boýunça ministri Urso Adolfonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçihanasy

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň “Italiýada öndürilen” önümler we kärhanalar boýunça ministri Urso Adolfonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň iri hususy işewür toparlarynyň, döwlet edaralarynyň, maliýe we ykdysady toparlarynyň wekilleriniň, şeýle hem iri italýan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek işewürlik forumyny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň şu ýylyň oktýabr aýynda Italiýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, duşuşykda halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem iki ýurduň degişli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk dileglerini beýan etdiler hem-de iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026