HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oguz han adyndaky uniwersitetiň wekiliýeti Ýaponiýada suw arassalaýyş tejribesini öwrenýär

Oktýabr 06, 2025 | 15:00 |11249
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti ýurdumyzyň suw hojalygy üçin strategik ähmiýete eýe bolan suw arassalaýyş tehnologiýalaryny özleşdirmek maksady bilen Ýaponiýada iş sapary bilen bolýarTürkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti ýurdumyzyň suw hojalygy üçin strategik ähmiýete eýe bolan suw arassalaýyş tehnologiýalaryny özleşdirmek maksady bilen Ýaponiýada iş sapary bilen bolýar
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 2–8-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýada iş saparynda bolýar.

Saparyň esasy maksady — suw arassalamak, hapa suwlary gaýtadan işlemek we duzsyzlandyryş ulgamlary ýaly örän wajyp ugurlar boýunça öňdebaryjy ylmy gazanylanlary hem-de dünýä tejribesini öwrenmekdir.

Bu sapar Oguz han adyndaky uniwersitet bilen Ýaponiýanyň “Tohkemy Corporation” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Bu korporasiýa dünýäniň suw pudagy boýunça ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän we ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrýan öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.

Ýapon hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda türkmen uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygy berkitmek we bilelikdäki hereketleriň anyk meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine üns berdiler.

Taraplar Türkmenistanda göçme duzsyzlandyryş desgalaryny we hapa suwlary gaýtadan işlemegiň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki iş mümkinçiliklerini aýratyn bellediler.

Bu iş sapary uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekdäki möhüm ädimi bolup durýar. “Tohkemy Corporation” kompaniýasynyň öňdebaryjy tejribesini we innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmek, dünýäniň iň oňat tejribelerini okuw prosesine ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzyň suw hojalygy ulgamynda döwrebap we döredijilikli pikirlenýän ýaş inženerleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026