HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNISEF bilen Britan ilçihanasynyň inklýuziw bilim ugrundaky täze hyzmatdaşlygy

Oktýabr 04, 2025 | 23:45 |12738
ÝUNISEF we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy inklýuziw bilim ulgamyndaky özgertmeleriň tizleşdirilmegi ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler. Täze hyzmatdaşlygyň çäginde ilkinji gezek ýurdumyzyň umumy bilim ulgamyna maýyplygy bolan çagalaryň yzygiderli goşulyşyny üpjün edýän synag taslamanyň goldanylmagy dowam ederÝUNISEF we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy inklýuziw bilim ulgamyndaky özgertmeleriň tizleşdirilmegi ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler. Täze hyzmatdaşlygyň çäginde ilkinji gezek ýurdumyzyň umumy bilim ulgamyna maýyplygy bolan çagalaryň yzygiderli goşulyşyny üpjün edýän synag taslamanyň goldanylmagy dowam eder
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

ÝUNISEF we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy inklýuziw bilim ulgamyndaky özgertmeleriň tizleşdirilmegi ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler. Täze hyzmatdaşlygyň çäginde ilkinji gezek ýurdumyzyň umumy bilim ulgamyna maýyplygy bolan çagalaryň yzygiderli goşulyşyny üpjün edýän synag taslamanyň goldanylmagy dowam eder.

Aşgabatdaky iki mekdepde we iki çagalar bagynda amala aşyrylýan bu taslama geljekde tutuş ýurtda giňden ornaşdyrylyp bilinjek milli nusgany döretmäge gönükdirilendir. Hyzmatdaşlygyň esasy maksatly ugurlary şulardan ybaratdyr:

Howpsuz we elýeterli gurşawy döretmek: Synag mekdepleriň we çagalar baglarynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, goldaw beriji tehnologiýalary ornaşdyrmak;

Stigma garşy göreş: Taslama mugallymlar, ene-atalar we ýerli jemgyýetler bilen işläp, maýyplyga bolan garaýyşy üýtgetmek we jemgyýetde kabul edilişi pugtalandyrmak boýunça iş alyp barar;

Hünärmenleri taýýarlamak: Her bir çaga hemişelik, şahsy goldaw bermegi üpjün etmek maksady bilen, mugallymlary, terbiýeçileri we ýörite hünärmenleri inklýuziw okuw usullary boýunça taýýarlamak.

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen Milli inklýuziw bilim konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni goşant goşýar we Bilim ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Beyik Britaniýanyň ilçisi Stiwen Konlon bu başlangyjyň päsgelçilikleri aradan aýyrmak ugrunda möhüm ädimdigini belledi:

"Her bir çaga öz zehinini ösdürip, durmuşda iň gowy başlangyja mynasyp. Inklýuziw bilim diňe synplary däl, eýsem jemgyýetiň düşünjesini hem üýtgedýär. Bu bolsa hiç bir çaganyň ünsden düşmeýän jemgyýetini döredýär" - diýip, Ilçi belledi.

ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna täze hyzmatdaşlygyň "her bir çaga, şol sanda maýyplygy bolan çagalaryň hem inklýuziw gurşawda okamap, ösüş gazanmak mümkinçiligine eýe bolmagy ugrunda edýän tagallalaryny güýçlendirýändigini" nygtady.

Beyik Britaniýa bilen ÝUNISEF-iň bu hyzmatdaşlygy maýyplygy bolan çagalaryň hukuklarynyň ilerledilmeginde möhüm ädim bolup durýar. Mekdepleriň gapylaryny açmak bilen, taslama diňe bilim elýeterliligini üpjün etmeýär, eýsem her bir çaganyň öz ukybyny açyp görkezmek we üstünlik gazanmak mümkinçiligi bolan jemgyýetiň döredilmegine goşant goşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026