Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

“Ýaş tebigatçy” ekologik hereketleriň öňdebaryjysy: üç ýylyň içinde 70 müň agza

Oktýabr 03, 2025 | 21:15 |11438
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň döredilmeginiň üç ýyllygyny belläp, ýurduň iň çalt ösýän we täsirli ekologik hereketleriniň biri hökmünde derejesini tassyklady. Paýtagtyň “Aşgabat” seýilgähindäki baýramçylyk çäresi diňe bir işiň jemini jemlemän, eýsem hereketiň ýerli hereketlerden ekelogik medeniýetine giň gerimli strategiki geçişini hem tassyklady“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň döredilmeginiň üç ýyllygyny belläp, ýurduň iň çalt ösýän we täsirli ekologik hereketleriniň biri hökmünde derejesini tassyklady. Paýtagtyň “Aşgabat” seýilgähindäki baýramçylyk çäresi diňe bir işiň jemini jemlemän, eýsem hereketiň ýerli hereketlerden ekelogik medeniýetine giň gerimli strategiki geçişini hem tassyklady
Çeşme: orient.tm

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň döredilmeginiň üç ýyllygyny belläp, ýurduň iň çalt ösýän we täsirli ekologik hereketleriniň biri hökmünde derejesini tassyklady. Paýtagtyň “Aşgabat” seýilgähindäki baýramçylyk çäresi diňe bir işiň jemini jemlemän, eýsem hereketiň ýerli hereketlerden ekelogik medeniýetine giň gerimli strategiki geçişini tassyklady.

03102025-ekologiya-yunyj-naturalist (2).jpg

Üç ýylyň içinde “Ýaş tebigatçy” tebigaty goramak boýunça hereketlerde möhüm güýje öwrülip, täsirli ösüşi görkezdi. Guramanyň başlygy we esaslandyryjysy Leýli Şyhmadowa çykyşynda esasy netijeleri aýan etdi: agzalaryň umumy sany 70 müň adamdan geçdi, 73 sany okuw seminary we tebigy goraghanalara 7 gezek gezelenç gurnady, gurama tutuş ýurt boýunça 30 müňe golaý bag nahallary oturtdy, ýüze golaý okuw materiallary meşhur KHBS-de çap edildi. Bu bolsa maglumat işjeňliginiň ýokary derejesini görkezýär.

Şyhmadowanyň belleýşi ýaly, bu hereketiň esasy maksady – ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýeti ösdürmek we tebigaty goramak işine işjeň gatnaşmak.

03102025-ekologiya-yunyj-naturalist (3).jpg

Çäräniň derejsi guramanyň barha artýan agramyny görkezdi. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda diplomatlar, hyzmatdaş guramalaryň wekilleri, medeniýet ulgamynyň işgärleri, žurnalistler we bloggerler bar.

Halkara guramalary bilen bilelikdäki başlangyçlara aýratyn üns berilýär. Baýramçylygyň hormatyna “Ozon we howa” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Bu bäsleşik UNIDO (Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy) we BMGÖM (Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy) bilen bilelikde Ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça halkara güni mynasybetli gurnaldy.

03102025-ekologiya-yunyj-naturalist (7).jpg

Baýramçylyk çäresi, halkara we hökümet forumlaryny, şol sanda maýa goýum we ykdysady çäreleri geçirmekde tanalýan esasy maslahat beriş kompaniýasy “TMT Consulting Group” tarapyndan bilelikde guraldy. Bu bolsa ýerli iri işewürligiň ekologik başlangyçlaryna işjeň goldaw berýändigini görkezýär.

03102025-ekologiya-yunyj-naturalist (5).jpg

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar simwoliki bag nahalyny ekdiler. Gurama ýaş raýatlary öz başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

03102025-ekologiya-yunyj-naturalist (4).jpg

Ýyllyk haýyr-sahawat goşandy 20 manat, çärelere gatnaşmak mümkinçiligi hemmeler üçin açykdyr. Habarlaşmak we has giňişleýin maglumat almak üçin şu elektron salgy boýunça elýeterlidir: tebigatchy.jemg@gmail.com.

03102025-ekologiya-yunyj-naturalist (6).jpg

Enejan KEPBANOWA,

Seýli ARYŞOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026