HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň oba hojalyk ugrundaky talyplar Germaniýada we Niderlandlarda John Deere robototehnikasyny öwrendiler

Oktýabr 01, 2025 | 18:55 |8301
13–20-nji sentýabr aralygynda Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak” hünäri boýunça okaýan talyplary mugallymlary bilen bilelikde Germaniýada we Niderlandlarda intensiw önümçilik tejribeligini geçdiler13–20-nji sentýabr aralygynda Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak” hünäri boýunça okaýan talyplary mugallymlary bilen bilelikde Germaniýada we Niderlandlarda intensiw önümçilik tejribeligini geçdiler
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

13–20-nji sentýabr aralygynda Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak” hünäri boýunça okaýan talyplary mugallymlary bilen bilelikde Germaniýada we Niderlandlarda intensiw önümçilik tejribeligini geçdiler. Maksatnama dünýäniň oba hojalyk tehnikasyny öndürmegiň öňdebaryjy "John Deere” amerikan kompaniýasynyň häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmäge gönükdirildi.

Tejribeligiň çäklerinde türkmen wekiliýeti kompaniýanyň birnäçe möhüm kärhanasyna we merkezine baryp gördi.

Mangeým şäherinde (Germaniýa) talyplar “John Deere”-iň zawodyna baryp, 6M we 6R seriýaly traktorlaryň doly önümçilik aýlawy bilen tanyşdylar. Üns merkezinde ýokary derejeli awtomatizasiýa we ýygnaýyş işlerinde robototehnikanyň giňden ulanylmagy boldy. Şeýle-de wekiliýet Bruhzal şäherindäki kabinalary öndürýän zawoda hem-de ätiýaçlyk şaýlarynyň merkezi ammaryna baryp gördi.

Kaýzerslautern şäherindäki Ýewropa tehnologiýa we innowasiýa merkezinde talyplar üçin okuw sapaklary gurnaldy. Amaly bölüm oba hojalyk işlerini meýilleşdirmek üçin “Work Planner” maksatnamasyny hem-de häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň sanly ulgamlaryny dolandyrmak usullaryny öwrenmäge gönükdirildi.

Tejribelik Horst şäherinde (Niderlandlar) dowam etdi, bu ýerde talyplar asylýan we öz-özüni ýöredýän pürküji tehnikalary öndürýän zawod bilen tanyşdylar. Olar dökünleri takyk paýlamak üçin “ExactApply” ulgamyny hem-de zyýankeş otlary takyk kesgitlemek we pürkmek üçin niýetlenen “See and Spray” ýaly innowasion ulgamlary jikme-jik öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular.

Türkmen oba hojalyk institutynyň “Traktor we oba hojalyk maşynlary” kafedrasynyň müdiri Döwlet Durdyýewiň belleýşi ýaly, talyplar geljekde iş tejribesinde gönüden-göni peýdaly boljak öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça gymmatly amaly tejribe aldylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026