HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiye Innovation Week 2025 9-njy oktýabrda Stambulda başlanýar

Oktýabr 03, 2025 | 14:25 |12854
Türkiye Innovation Week 2025 9–11-nji oktýabr aralygynda Stambul şäherindäki Haliç maslahatlar merkezinde geçiriler.Türkiye Innovation Week 2025 9–11-nji oktýabr aralygynda Stambul şäherindäki Haliç maslahatlar merkezinde geçiriler.
Çeşme: trthaber.com

Türkiye Innovation Week 2025 9–11-nji oktýabr aralygynda Stambul şäherindäki Haliç maslahatlar merkezinde geçiriler. Türkiýäniň Söwda ministrligi tarapyndan goldanylýan bu çäre «Geljek: Häzir» temasyna bagyşlanyp, 12-nji gezek guralar.

Esasy üns emeli aň, onuň bäsdeşlik ukybyna we innowasiýalara edýän täsiri bilen baglanyşykly bolar. Maksatnamada AI-niň geljegi, milliard dollarlyk startaplar üçin strategiýalar we döwlet düzgünleşdirmesi barada pikir alyşmalar meýilleşdirilýär. Çykyş edýänleriň arasynda futbol arbitri Pýerluiji Kollina we Kembrij uniwersitetinden Jerald Greh hem bar.

Hepdeligiň çäginde İnovaLİG bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Sylaglary gowşurmak çärelerine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşar. Şeýle hem ýaş telekeçiler we innowasion startaplar goldanylar.

Çäräniň aýratyn üns berjek ugurlarynyň biri ekologiýa we medeniýet boýunça innowasiýalardyr. Şonuň çäklerinde uglerod yzyny azaltmak hem-de oba hojalygynda täze tehnologiýalary ösdürmek bilen baglanyşykly taslamalar görkeziler.

Türkiye Innovation Week 2025, Türkiýäniň halkara giňişlikdäki innowasion mümkinçiliklerini güýçlendirmekde möhüm ädim bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026