HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE IT hünärmenleri we çärelere gatnaşýanlar üçin täze wizalary girizdi

Oktýabr 03, 2025 | 14:35 |10197
Birleşen Arap Emirlikleri täze wiza görnüşlerini, şol sanda tehnologiýa we emeli aň ugurynyň hünärmenleri üçin wizalary girizdi.Birleşen Arap Emirlikleri täze wiza görnüşlerini, şol sanda tehnologiýa we emeli aň ugurynyň hünärmenleri üçin wizalary girizdi.
Çeşme: devby.io

Birleşen Arap Emirlikleri täze wiza görnüşlerini, şol sanda tehnologiýa we emeli aň ugurynyň hünärmenleri üçin wizalary girizdi. Bu wizalar bir gezeklik hem-de köp gezeklik syýahatlar üçin resmileşdirilip bilner. Esasy talap tehnologiýa pudagynda işleýän kompaniýanyň hatynyň bolmagydyr.

Federal şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça ýolbaşçy (ICP), general-maýor Suheýl Said al-Haýli bu özgertmäniň BAE-niň tehnologiýa startaplarynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy merkezine öwrülmek ukybyny güýçlendirmek islegini görkezýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, BAE-de çärelere gatnaşmak üçin täze wiza (event visa) peýda boldy. Bu wiza daşary ýurtlularyň festiwallara, sergilere we beýleki köpçülik çärelerine gatnaşmagyna mümkinçilik berer. Şeýle hem, ygtyýarlandyrylan syýahatçylyk kompaniýalar arkaly resmileşdirilýän köp gezeklik syýahatçylyk wizasynyň täze görnüşi kruiz ýolagçy gämileriniň we gezelenç gämileriniň ýolagçylary üçin girizildi.

Üýtgeşmeler ýük ulaglaryny sürýän sürüjilere degişli wizalara hem täsir etdi – olar indi ulag kompaniýalarynyň kepilligi we ätiýaçlandyrmasy bilen berlip bilner. Dostlary we garyndaşlary zyýarat etmäge degişli wizalaryň düzgünleri hem täzelendi: indi kepilçi bolan adamyň iň pes aýlyk girdejisi garyndaşlyk derejesine baglylykda 4 000 dirhamdan 15 000 dirhama çenli kesgitlenýär.

Köp ýurtlaryň raýatlary öňküsi ýaly BAE-de wizasyz 30 günden 90 güne çenli bolup bilerler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026