HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwletjan Ýagşymyradow Dubaýda PFL çempionlyk tutuşygynda Kori Anderson bilen duşuşar

Oktýabr 03, 2025 | 13:05 |26124
Şu gün Dubaýdaky Coca-Cola arenasynda PFL-niň ýarym agyr agram derejesindäki çempionlyk guşagy ugrunda baş tutuşyk geçiriler.Şu gün Dubaýdaky Coca-Cola arenasynda PFL-niň ýarym agyr agram derejesindäki çempionlyk guşagy ugrunda baş tutuşyk geçiriler.
Çeşme: Döwletjan Ýagşymyradowyň sosial ulgamdaky sahypasy

Şu gün Dubaýdaky Coca-Cola arenasynda PFL-niň ýarym agyr agram derejesindäki çempionlyk guşagy ugrunda baş tutuşyk geçiriler. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen ýüzbe-ýüz geler. Bu tutuşyk PFL Champions ýaryşynyň esasy wakasy bolar.

Ýagşymyradow üçin bu söweş Andersondan ar almak mümkinçiligidir. Olar ilkinji gezek 2021-nji ýylyň aprelinde Bellator-yň Gran-prisi çäginde duşuşypdylar. Şonda Anderson üçünji raundyň dowamynda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanypdy. Indi bolsa häzirki wagtda çempion bolan Ýagşymyradow diňe ar almak üçin däl, eýsem öz guşagyny goramak üçin-de türgenleşýär. «Bu diňe ar almak däl — bu ykbala çagyryşdyr. Bu gezek men söweşe dalaşgär hökmünde däl-de, çempion hökmünde girýärin» - diýip, Ýagşymyradow aýtdy.

Öz gezeginde Anderson hem ýeňşine ynam bildirýär. Ol sosial ulgamdaky ýazgysynda: «Muny ýene-de etmeli wagt geldi. Bu gezek ilkinji gezekden-de gowy bolar» - diýip belläp geçdi.

Mundan başga-da, PFL Champions Series 3 ýaryşynda birnäçe täsin tutuşyklar geçiriler: Usman Nurmagomedow ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagy ugrunda Pol Hyýuz bilen duşuşar. Şeýle hem Arçi Kolgan bilen Jeý Jeý Uilsonyň, Lýuis Makgrilen bilen Kaolan Logranyň, Magomed Magomedow bilen Serhio Pettisiň, Puja Rahmani bilen Slim Trabelsiniň, Zubaira Tuhugow bilen Artýom Lobowyň arasyndaky we beýleki gyzykly söweşler bolar.

Bu ýaryş MMA dünýäsi üçin tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlap, dünýäniň ýyldyz türgenlerini bir ýere jemlär. Ähli söweşleriň göni ýaýlymy Belet Premium platformasy arkaly elýeterli bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026