HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag Med Cluster çagalar üçin niýetlenen türkmen azyk önümleriniň dünýä derejesindäki hilini tassyklaýar

Oktýabr 02, 2025 | 11:30 |10134
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kompaniýasy tarapyndan öndürilen Arkadag Med Cluster çaga şülesi 2025-nji ýylyň 16–19-njy sentýabry aralygynda Moskwada geçirilen WorldFood Moscow halkara sergisinde altyn medal bilen sylaglandy.Arkadag Medisina Klasteri Menejment kompaniýasy tarapyndan öndürilen Arkadag Med Cluster çaga şülesi 2025-nji ýylyň 16–19-njy sentýabry aralygynda Moskwada geçirilen WorldFood Moscow halkara sergisinde altyn medal bilen sylaglandy.
Çeşme: Arkadag Med Cluster

Arkadag Medisina Klasteri Menejment kompaniýasy tarapyndan öndürilen Arkadag Med Cluster çaga şülesi 2025-nji ýylyň 16–19-njy sentýabry aralygynda Moskwada geçirilen WorldFood Moscow halkara sergisinde altyn medal bilen sylaglandy.

1

Önüm «Saglyk we berhiz azyk önümleri, organiki önümler» atly ugurda iň ýokary baýraga mynasyp boldy. Bilermenlerden düzülen eminler topary önümiň tebigy we deňagramly düzümine hem-de önümçilikdäki innowasion çemeleşmesine ýokary baha berdiler. Arkadag Med Cluster çaga şülesiniň ýeňiş gazanmagy, önümiň halkara hil standartlaryna we häzirki döwürde ene-atalaryň çagalaryň iýmitine bildirýän talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar.

2

Arkadag Med Cluster sagdyn iýmit önümleri hataryny ösdürmegi dowam etdirip, ekologiýa taýdan arassalyga, howpsuzlyga we ýokary tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu baýrak türkmen önümleriniň hilini we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

3

WorldFood Moscow sergisi her ýylda dünýäniň dürli künjeginden öňdebaryjy azyk önümleri öndürijileri bir ýere jemläp, pudagyň iň gowy üstünliklerini hödürleýär. 2025-nji ýylda bu çärä onlarça ýurtdan 1000-den gowrak kompaniýa gatnaşyp, azyk önümleriniň, içgileriň we pudak üçin innowasion çözgütleriň giň toplumy bilen tanyşdyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026