HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Oktýabr 01, 2025 | 19:55 |8867
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça departamentiniň başlygy N.Komahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça departamentiniň başlygy N.Komahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça departamentiniň başlygy N.Komahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky mümkinçiliklerine garap geçdiler. Däp bolan dostlukly we konstruktiw häsiýete eýe bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, ynam hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem Ilçi şu ýylyň dekabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary derejede halkara forumynyň geçirilýändigi barada N.Komahidze habar berdi.

Tarapalar ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde aýratyn ornunyň bardygyny nygtamak bilen, şu ýylyň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana iki gezek sapar bilen barandygyny bellediler.

Saparlaryň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň duşuşyklary bolup geçdi. Şeýle-de iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň arasynda hem duşuşyklar geçirildi. Bu saparlar özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň wajyp meýdançasy bolup hyzmat edýär, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döredýär.

01102025-turkmenistan-gruziya-konsulskie-konsultatsii (2).jpg

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnamanyň çarçuwasynda konsullyk we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Söhbetdeşler konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda özara hereketleriň depginini güýçlendirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026