HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Antalýa 2026-njy ýylda Halkara astronawtika kongresini kabul eder

Oktýabr 01, 2025 | 17:30 |9999
Halkara astronawtika kongresi (IAC) kosmos ulgamyndaky dünýäniň öňdebaryjy forumlarynyň biri bolup, 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Türkiýede geçiriler.Halkara astronawtika kongresi (IAC) kosmos ulgamyndaky dünýäniň öňdebaryjy forumlarynyň biri bolup, 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Türkiýede geçiriler.
Çeşme: donanimhaber.com

Halkara astronawtika kongresi (IAC) kosmos ulgamyndaky dünýäniň öňdebaryjy forumlarynyň biri bolup, 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Türkiýede geçiriler. Çäräniň geçiriljek ýeri Antalýa şäheri bolar.

Kongresi Halkara astronawtika federasiýasy (IAF) Bütindünýä Astronawtlar birleşigi (UAA) we BMG-niň Kosmos meseleleri boýunça müdirligi (UNOOSA) bilen bilelikde gurar. Gatnaşyjylaryň arasynda NASA, Ýewropa kosmos agentligi (ESA), Ýaponiýanyň aerokosmos barlaglar agentligi (JAXA), Roskosmos hem-de Türkiýäniň kosmos agentligi bar.

2025-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek IAC çäresinde Türkiýäniň milli pawilýony görkeziler. Onda Türkiýäniň kosmos agentligi, SAHA İstanbul, Aselsan, Ctech, DeltaV, Poloptech, Roketsan, Technocar, TUSAŞ, TÜBİTAK Uzay, Türksat, şeýle hem ITÜ we ODTÜ uniwersitetleri çykyş eder. Pawilýonda ýurduň ylym we tehnologiýa ulgamyndaky ösüşleri görkeziler.

1

Antalýadaky kongresi guramakda ýolbaşçylygy Türkiýäniň Senagat we tehnologiyalar ministrligi öz üstüne alar. Türkiýäniň kosmos agentligi we SAHA İstanbul bolsa hyzmatdaş guramaçylar hökmünde çykyş ederler.

IAC her ýyl halkara ylalaşyklaryň baglaşylýan we täze başlangyçlaryň yglan edilýän meýdançasyna öwrülýär. Mysal üçin, 2016-njy ýylda SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask Marsy özleşdirmek boýunça meýilnamalaryny hödürläpdi, 2019-njy ýylda NASA Artemis maksatnamasyny yglan edipdi, 2022-nji ýylda bolsa Türkiýe 2028-nji ýylda Aýa ýumşak gonuşy amala aşyrmak boýunça missiýasyny mälim edipdi.

Guramaçylar 2026-njy ýylda Antalýada dünýäniň kosmos senagatynyň öňdebaryjy ýolbaşçylarynyň täze beýanatlary bilen çykyş etjekdiklerine garaşýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026