HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Global Gas Center OGT-2025 maslahatyna hyzmatdaşlyk üçin möhüm platforma hökmünde garaýar

Sentýabr 29, 2025 | 23:15 |90720
Global Gas Center (GGC) Merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro 22–24-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly 30-njy Halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT-2025) derejesine ýokary baha berdiGlobal Gas Center (GGC) Merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro 22–24-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly 30-njy Halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT-2025) derejesine ýokary baha berdi
Çeşme: globalgascentre.org

Global Gas Center (GGC) Merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro 22–24-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly 30-njy Halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT-2025) derejesine ýokary baha berdi.

Dýukronyň aýtmagyna görä, OGT-2025, 60-dan gowrak ýurduň müňlerçe wekillerini jemlemek bilen, tejribe alyşmak we maýa goýum taslamalaryny öňe sürmek üçin global platforma hökmünde özüni uzak wagtdan bäri ykrar etdi.

«Bu, Türkmenistanyň iň täze maýa goýum taslamalary barada ilkinji elden maglumatlary almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Has hem ähmiýetli tarapy, forumyň çäginde milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň möhüm ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk ugurlaryny gönüden-göni ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligidir» – diýip, Global Gas Center-iň Ýerine ýetiriji direktory nygtady.

Ozal Parižde, Dubaýda we Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmen energetika forumlaryna gatnaşan Dýukro bu çäreleriň guramaçylygynyň ýokary halkara derejesini aýratyn belläp geçdi. Ol oktýabrda Aşgabatda geçiriljek ýubileý maslahatyna gatnaşmak niýetini tassyklady.

Iş gün tertibi bilen bir hatarda, Dýukro OGT-iň aragatnaşyk gurmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny, medeni maksatnama bolsa daşary ýurtly gatnaşyjylara Türkmenistanyň baý mirasy we däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmak üçin mümkinçilik berjekdigini belledi.


Global Gas Center (GGC) — bu Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýän, tebigy gazyň durnukly peýdalanylmagyna, LPG-ä we energetikada ösüş tehnologiýalaryna ýöriteleşen garaşsyz halkara merkezidir.

Merkez hökümetleriň, energetika kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň arasynda energiýa howpsuzlygy, howa bilen baglanyşykly meseleler we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça dialog üçin esasy bitarap platforma hökmünde çykyş edýär. GGC ýolbaşçysynyň gatnaşmagy we ýokary baha bermegi, Türkmenistanyň global gaz bazarynda ygtybarly gatnaşyjy hökmünde ähmiýetiniň artýandygyny we onuň durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026