HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady

Oktýabr 01, 2025 | 08:35 |8771
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşulularyny, mähriban enelerimizi we tutuş türkmen halkyny Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşulularyny, mähriban enelerimizi we tutuş türkmen halkyny Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady.
Çeşme: mlsp.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşulularyny, mähriban enelerimizi we tutuş türkmen halkyny Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda ýaşululara hormat-sarpa goýmak, döwletli tutumlarda ýaşuly nesle sala salyp, pikir-garaýyşlaryny diňlemek türkmen halkynyň müňýyllyklardan miras galan iň asylly ýörelgeleriniň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýaşulularymyza çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerini, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly dabaralarynyň hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çärelerininiň geçirilýändigini belledi.

1

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşuly nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Bu babatda döwlet Baştutanymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.

2

Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi has-da pugtalandyrmakda, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň wekilleriniň aýratyn uly ornunyň bardygy bellenildi. Munuň bilen baglylykda jemgyýetimizi ösdürmäge goşan goşantlary üçin ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem-de «Zenan kalby» ordeniniň dabaraly gowşurylmagy barada hem aýdyldy.

3

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm çözgütleriniň kabul edilendigi barada hem nygtap geçdi.

Gutlagynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşulularymyza berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026