HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Google 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek logotipini täzeleýär

Sentýabr 30, 2025 | 13:50 |8757
Google kompaniýasy öz logotipiniň täze görnüşini girizip başlandygyny mälim etdi.Google kompaniýasy öz logotipiniň täze görnüşini girizip başlandygyny mälim etdi.
Çeşme: bvn.by

Google kompaniýasy öz logotipiniň täze görnüşini girizip başlandygyny mälim etdi. Bu üýtgeşiklik kompaniýanyň ähli hyzmatlarynda we goşundylarynda ulanylýan kompaniýanyň özboluşly stiliniň bir bölegi bolar. Bu soňky 10 ýylda ilkinji uly dizaýn üýtgemesidir.

Esasy täzelik — «G» harpyndaky gradiýent görnüş, oňa gyzyl, sary, ýaşyl we gök reňkleriň ýalpyldawuk äheňleriniň akymly geçişi mahsus boldy. 2015-nji ýyldaky logotipde bolşy ýaly reňkler indi aýratyn bölünmeýär. Täze dizaýn eýýäm Google Help goldaw sahypasynda fawikon hökmünde ulanylýar.

«G»-den başga-da, kompaniýa beýleki marka elementlerini hem täzeden işläp taýýarlady, şol sanda Google Home logotipini, olar hem emeli aň (EA) döwründe brendiň häzirki ösüşini beýan edýär. Täze dizaýnyň ähli hyzmatlarda, şol sanda Android we iOS üçin Google-yň mobil goşundysynda peýda bolmagyna garaşylýar, ähli üýtgeşmeler bolsa 2026-njy ýylyň maýyna çenli doly tamamlanar.

Mundan ozal Google kompaniýasynyň Android operasion ulgamy bilen işleýän şahsy kompýuteriň çykarylyp bilinjekdigi barada habar berlipdi, bu hem kompaniýanyň enjamlar ekoulgamyny giňelder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026