HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Bouygues”-iň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdy

Sentýabr 26, 2025 | 23:43 |7801
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi  we onuň wekiliýetini kabul etdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi  we onuň wekiliýetini kabul etdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi we onuň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşyk uzak möhletli hyzmatdaşlyga we ýurtda fransuz kompaniýalary üçin täze iş ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlandy.

Döwlet Baştutany myhmanlary mähirli mübärekläp, “Bouygues” kompaniýasynyň 30 ýyldan gowrak bäri türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol döwürde kompaniýa halkara hil we durnukly ösüş standartlaryna laýyk gelýän taslamalary amala aşyrýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy.

Duşuşykda Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbini kemala getirmekde kompaniýanyň ornuna aýratyn üns berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň ýurduň gurluşyk, inženerçilik-senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşdyny belledi. “Bouygues” öz işinde innowasiýalary, milli özboluşlylyk bilen sazlaşykly utgaşýan döwrebap binagärlik çemeleşmelerini işjeň ulanýar.

Şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Prezident sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde paýtagtyň keşbini özgertmekde fransuz kompaniýasynyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Marten Buig bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny bir kemsiz ýerine ýetirip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026