HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we IGNFI oba hojalyk pudagy boýunça hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlediler

Sentýabr 29, 2025 | 11:15 |7295
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşyk geçirdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: Watan habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini belledi. Ol paýtagtymyz Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi, şeýle hem Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz işewüriň şu saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar.

1

Ýurdumyzda oba hojalyk mümkinçiligini ösdürmäge, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmags aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kämil tehnologiýalary bolan daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Taraplaryň nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Oliwýe Delumo "IGNFI" kompaniýasynyň oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026