HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Barselona. ÝUNESKO. Medeniýet. Türkmenistan ählumumy gün tertibini taýýarlamaga gatnaşýar

Sentýabr 30, 2025 | 00:35 |9912
Türkmenistan 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) işjeň gatnaşýarTürkmenistan 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) işjeň gatnaşýar
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Durnukly ösüş pudagyndaky 2030-nji çenli döwür üçin gün tertibinde medeniýeti birleşdirmäge gönükdirilen ählumumy dialogynyň merkezinde durýar.

MONDIACULT-2025 – bu geljekki onýyllyklarda medeni syýasatyň strategiki ugurlaryny kesgitlemek üçin 160-dan gowrak ýurduň wekillerini birleşdirýän öňdebaryjy halkara meýdança bolup hyzmat edýär.

Maslahatyň dowamynda has möhüm temalar ara alnyp maslahatlaşylýar: sanly özgerişler we döredijilik senagatlarynyň ösüşinden başlap howanyň üýtgemeleri bilen baglanyşygy, çylşyrymly ýagdaýlarda medeni mirasy gorap saklamak hem-de emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna çenli.

“Medeniýet we parahatçylyk | Medeniýet we bilim” atly birleşen mowzuklaýyn sessiýadaky çykyşynda Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň Hökümetiniň syýasaty baý taryhy we medeni mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek bilen bir hatarda, dünýä giňişliginde medeni diplomatiýany işjeň ösdürmäge gönükdirilendir.

30092025-barselona-turkmenistan-mondiacult (1).jpg

“Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine we binýatlyk garaýyşlaryna berk ygrarlydygyny görkezär, bu onuň guramanyň esasy maksatnamalaryny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagynda hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandynda öz beýanyny tapýar” – diýip, M.Bäşimowa belledi.

Türkmen wekiliýetiniň “MONDIACULT-2025” maslahatyna gatnaşmagy ählumumy medeni gün tertibini kemala getirmäge mynasyp goşant boldy. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň medeniýeti parahatçylygyň, dialogyň we durnukly ösüşiň esasy hökmünde görýändigini tassyklaýar.

30092025-barselona-turkmenistan-mondiacult (1).png

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026
Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

17:00 Oktýabr 16, 2026
ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

15:00 Oktýabr 16, 2026