HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Russiýa we Türkmenistan bilen gaz üpjünçiligi boýunça gepleşikleri alyp barýar

Sentýabr 29, 2025 | 10:30 |8344
Gyş döwründe ýurtda gaz ýetmezçiligi gündelik 300 million kub metre ýetip biljekdigini, käwagtlarda 350–400 million kub metre çenli baryp bilýärGyş döwründe ýurtda gaz ýetmezçiligi gündelik 300 million kub metre ýetip biljekdigini, käwagtlarda 350–400 million kub metre çenli baryp bilýär
Çeşme: turkmengaz.gov.tm

Eýranyň nebit ministriniň orunbasary we Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Said Tawakkoli Tähranyň Russiýa we Türkmenistan bilen gaz importy meselesini ara alyp maslahatlaşýandygyny habar berdi diýip, Trend belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, Eýran tarapy gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagyna umyt baglaýar. Ol, gyş döwründe ýurtda gaz ýetmezçiligi gündelik 300 million kub metre ýetip biljekdigini, käwagtlarda 350–400 million kub metre çenli baryp biljekdigini nygtady. Şu sebäpli Eýran ýetmezçiligi azaltmak we gaz üpjünçiligini dolandyrmakdaky netijeliligi ýokarlandyrmak üçin birnäçe maksatnamany amala aşyrýar.

Tawakkoli Eýranyň gaz eksport mukdaryny geçen ýylky derejede saklanyp galjakdygyny hem aýtdy. Hususan-da, Türkiýä gaz iberilişi 2026-njy ýyla çenli dowam eder, şol bir wagtda Ankara bilen şertnamalary mundan beýläk hem uzaltmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Eýran dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça ikinji ýerde ýerleşýär — takmynan 34 trillion kub metr. Ýurtda 22 gaz känleri işleýär we günlük gaz çykarylyşy 1 milliard kub metreden geçýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026