HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Google Mixboard-y işe girizdi: pikirleri wizualizasiýa etmek üçin täze AI hyzmaty

Sentýabr 26, 2025 | 16:20 |2222
Google kompaniýasy Mixboard atly «pikirleri wizualizasiýa etmegiň täze usuly» hökmünde hödürlenýän, emeli aňa esaslanan synag taslamasyny tanyşdyrdyGoogle kompaniýasy Mixboard atly «pikirleri wizualizasiýa etmegiň täze usuly» hökmünde hödürlenýän, emeli aňa esaslanan synag taslamasyny tanyşdyrdy
Çeşme: Google

Google kompaniýasy Mixboard atly «pikirleri wizualizasiýa etmegiň täze usuly» hökmünde hödürlenýän, emeli aňa esaslanan synag taslamasyny tanyşdyrdy. Bu hyzmat «açyk tagta» we generatiw AI mümkinçiliklerini hödürläp, islendik konsepsiýany döretmäge kömek edýär: interýer dizaýnyndan täze önüme çenli.

Mixboard-da taslama döretmek üçin taýýar nusga tagtalary ýa-da Google Gemini 2.5 Flash AI modeliniň kömegi bilen ýazgy görnüşindäki görkezmeleri ulanyp bolýar.

Ulanyjylar öz suratlaryny aňsatlyk bilen goşup ýa-da düşündirişleriň esasynda täze wizual materiallary döretmäge mümkinçilik alýarlar. Mysal üçin, şeýle görkezme berip bolýar: «Memphis stilindäki käseleri, jamlary we tabaklary görkez» ýa-da «otagymda güýzki baýramçylygy meýilleşdir». Hyzmat Pinterest-i ýatladýar, ýöne AI goldawy bilen interaktiw görnüşde işleşýär.

Mixboard diňe bir tagtalary döretmäge däl, eýsem, tebigy dilde görkezmeler arkaly olary redaktirlemäge hem mümkinçilik berýär. Şeýle hem ulanyjylar AI-niň täze wizual materiallary döretmekde öň ýüklenen suratlary ulanyp biler ýaly olara salgylanyp bilerler.

Bu hyzmat öý bezegi üçin pikir tapmakda, çäreleri meýilleşdirmekde ýa-da diňe döredijilikli synaglary geçirmekde, gyzykly suratlary döretmekde giň mümkinçilikleri açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026