HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen tansçylary Almatydaky «Tans et, Türkmenistan!» medeniýetara rezidensiýa gatnaşýarlar

Sentýabr 26, 2025 | 08:00 |6843
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 3-nji oktýabryna çenli Almaty şäherinde (Gazagystan) «Žolda» tans teatry Türkmenistandan gelen tansçylar we horeograflar üçin medeniýetara tans rezidensiýasyny geçirýär2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 3-nji oktýabryna çenli Almaty şäherinde (Gazagystan) «Žolda» tans teatry Türkmenistandan gelen tansçylar we horeograflar üçin medeniýetara tans rezidensiýasyny geçirýär
Çeşme: eu4turkmenistan

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 3-nji oktýabryna çenli Almaty şäherinde (Gazagystan) «Žolda» tans teatry Türkmenistandan gelen tansçylar we horeograflar üçin medeniýetara tans rezidensiýasyny geçirýär. Bu çäre ýurdumyzyň häzirki zaman tansynyň ösmegine gönükdirilen giň möçberli köpugurly «Tans et, Türkmenistan!» atly taslamanyň bir bölegidir.

Taslama Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Fransiýanyň we Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary hem-de Gazagystandaky Gýote Instituty bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Maliýeleşdiriş EUNIC ulgamynyň «Ýewropa medeniýet giňişlikleri» maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Участвастие туркменских танцоров в межкультурной резиденции.jpg

Rezidensiýanyň esasy maksady — tejribe alyşmak, döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmak we bilelikdäki döredijilik üçin giňişlik döretmekdir. Iki hepdäniň dowamynda gatnaşyjylar halypanyň ýolbaşçylygynda işlärler, ýerli hünärmenleriň ussatlyk sapaklaryna gatnaşarlar we Almatynyň teatr hem-de tans jemgyýeti bilen tanyşarlar. Halypanyň maslahatlary esasynda olar öz döredijilik pikirlerini we çykyşlarynyň nusgalaryny taýýarlap, 3-nji oktýabrda açyk görkezilişde tomaşaçylara hödürlärler.

Maksatnamanyň düzümine gündelik tans tejribeleri, ussatlyk sapaklary, özbaşdak sapaklar, gezelençler we döredijilik duşuşyklary girýär. Gatnaşyjylar «JOLDA DANCE THEATRE», «Samruk» häzirki zaman tans teatry, «TEATRO89», «TRANSFORMA» medeniýet meýdançasy, Almaty sungat muzeýi we beýleki ýerler bilen tanyşarlar. Şeýle hem Tamara Said, Ella Baýsybaýewa we Mark Kuklin ýaly belli suratkeşler we kompozitorlar bilen duşuşyklar meýilleşdirilen.

Rezidensiýanyň prodýuserleri hökmünde «Jolda» tans teatrynyň esaslandyryjysy Žanna Tulendy we garaşsyz prodýuser Nafisat Ýermagam­betowa çykyş edýärler. Halypalar we tälimçi topary bolsa tejribeli tansçylar we horeograflar — Artur Galimullin, Gülsaýo Taurhanowa, Mariýa Gubanowa we Tomiris Mettybaýewa tarapyndan dolandyrylýar.


Türkmenistandaky Fransuz instituty medeniýet we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy utgaşdyrýar, fransuz dili boýunça kurslary we medeni çäreleri hödürleýär. «JOLDA DANCE THEATRE» Gazagystanyň häzirki zaman tansynyň iň meşhur toparlarynyň biridir, Gazagystandaky Gýote Instituty bolsa halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine işjeň ýardam edýär, nemes dilini we medeniýetini sebitde wagyz edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026