HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AÖB Aşgabatda täze şepagat uýalary mekdebini gurmak üçin 75 million dollar maýa goýýar

Sentýabr 27, 2025 | 16:05 |8719
Infrastruktura täze enäni goramak üçin howpsuz otag, talyplar üçin ýaşaýyş jaýy hem-de sagdyn iýmitlenmegi öňe sürmek maksady bilen iýilýän ösümlikler bagy girerInfrastruktura täze enäni goramak üçin howpsuz otag, talyplar üçin ýaşaýyş jaýy hem-de sagdyn iýmitlenmegi öňe sürmek maksady bilen iýilýän ösümlikler bagy girer
Çeşme: AÖB

Aziýa ösüş banky (AÖB) Türkmenistanda şepagat uýalygy we akuşer kömegi ulgamyny ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 75 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini hem-de Ýaponiýanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde gülläp ösüşe we durnuklylyga ýardam gaznasyndan (JFPR) 2 million dollarlyk granty tassyklady. Bu barada bankyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bu, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda AÖB tarapyndan durmuşa geçiriljek ilkinji taslama bolup, onuň maksady şepagat uýalary kärini ösdürmek we ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmekdir. Taslama laýyklykda, Aşgabatda häzirki zaman enjamlary we interaktiw okuw üçin simulýasiýa barlaghanasy bolan täze şepagat uýalary mekdebi gurlar. Infrastruktura täze enäni goramak üçin howpsuz otag, talyplar üçin ýaşaýyş jaýy hem-de sagdyn iýmitlenmegi öňe sürmek maksady bilen iýilýän ösümlikler bagy girer.

Şeýle hem okuw maksatnamalary halkara standartlara laýyklykda täzelener, täze okuw we lukmançylyk enjamlary satyn alynar, mugallymlar we uly şepagat uýalary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary guralar. Bu bolsa şepagat işgärleriniň saglygy goraýyş ulgamyndaky ornuny berkitmäge we lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Taslamanyň umumy bahasy 98 million dollar bolup, onuň 23 million dollary Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdiriler. AÖB-niň Türkmenistandaky ýurt direktory Artur Andrisýagyň belleýşi ýaly, bu iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda üçünji bilelikdäki taslama bolup, ol hyzmatdaşlygyň we ynamyň ösýändigini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026
Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

17:00 Oktýabr 16, 2026
ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

15:00 Oktýabr 16, 2026