HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatynyň Başlygy iri halkara korporasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Sentýabr 26, 2025 | 23:25 |7701
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Türkiýäniň “Rönesans Holding” we “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň şeýle hem Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen dialoglar daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň milli taslamalary durmuşa geçirmekdäki strategiki ornuny tassyklady.

Türk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy, medeni we dil babatda umumylyklaryna esaslanýan önjeýli we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda, kompaniýanyň köp ýyllyk tejribesi we şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny bellenildi.

“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçirilen duşuşykda, holdingiň Türkmenistanyň energetika, dokma senagaty we saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine goşan goşandy bellendi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjakdygyna ynam bildirildi.

Fransuz “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bolan duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Geçen onýyllyklaryň dowamynda kompaniýa Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar durmuşa geçirdi. Bu hyzmatdaşlyk umuman alanyňda türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtalyşy ýaly, Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Kompaniýalaryň ýolbaşçylary bildirilýän uly ynam üçin hoşallyklaryny beýan etdiler we olaryň kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, halkara standartlaryna laýyklykda şertnamalaýyn borçnamalaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini ynandyrdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026