HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝTÖB Türkmenistanda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we maýa goýumlarynyň artmagyny belleýär

Sentýabr 26, 2025 | 18:30 |8418
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) täze Regional Economic Prospects hasabatyny hödürlediÝewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) täze Regional Economic Prospects hasabatyny hödürledi
Çeşme: orient.tm

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) täze Regional Economic Prospects hasabatyny hödürledi. Hasabata görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň – ykdysadyýetleriniň 2025-nji ýylda ortaça 6,1 göterim ösmegine garaşylýar.

Durnukly ösüş görkezen ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem bar. 2025-nji ýylyň birinji ýarymyndaky maglumatlara görä, ýurduň hakyky JIÖ-si 6,3 göterim ýokarlandy. Bu netijä iň uly goşant söwda, ulag, hyzmatlar we gurluşyk pudaklary tarapyndan goşuldy. Maýa goýumlaryň möçberi 15,6 göterim artdy.

ÝTÖB-niň çaklamasyna görä, 2025-nji we 2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depginleri 6,3 göterim derejesinde saklanar. Bu ösüş energetika, infrastruktura, oba hojalygyna we azyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegine goýlan maýa goýumlar arkaly üpjün ediler.

Bilermenleriň bellemegine görä, bu ugurlar milli ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy faktorlary bolup galýar we onuň global üýtgeşmelere durnuklylygyny üpjün edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026