HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň serhetlerinde weterinariýa gözegçiligi üçin häzirki zaman enjamlaryny gowşurdy

Sentýabr 25, 2025 | 19:00 |6272
24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otagyna niýetlenen häzirki zaman enjamlarynyň toplumyny aldy24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otagyna niýetlenen häzirki zaman enjamlarynyň toplumyny aldy
Çeşme: Государственная ветеринарная служба при МСХ Туркменистана

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otagyna niýetlenen häzirki zaman enjamlarynyň toplumyny aldy. Enjamlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA 10 maksatnamasynyň çäginde gowşuryldy. Bu ädim serhetlerde weterinariýa gözegçiligini kämilleşdirmäge we hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Enjamlaryň gowşurylyş dabarasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilleriniň Maksatnama dolandyryjysy Borislaw Dimitrow gatnaşdy we bu başlangyjyň Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin strategik ähmiýetini belläp geçdi. BOMCA maksatnamasynyň utgaşdyryjysy hem gowşurylyp berlen enjamlaryň ýurduň weterinariýa gullugynyň ösmegine we döwrebaplaşmagyna uly ýardam berjekdigini nygtady.

1

Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy gatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow BOMCA-nyň we ÝB-niň wekilleriniň beren tehniki goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol:«Şu günki gowşuryş gullugyň tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmegi bilen bir hatarda, hünärmenleriň bilim we hünär taýdan ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz gowşurylyp berlen enjamlaryň işgärlerimiziň taýýarlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrjakdygyna ynanýarys» — diýip, Soltanmyradow belledi.

Okuw otagynyň enjamlaşdyrylmagy weterinarlaryň taýýarlyk işlerini gowulandyrmaga, iň täze tehnologiýalar arkaly amaly sapaklary geçirmäge we hünärmenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Uzak möhletli geljekde bolsa, bu çäre weterinariýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga, oba hojalyk mallarynyň hem-de ilatyň saglygyny ygtybarly goramaga ýardam berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026