HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ICT WEEK UZBEKISTAN 2025: sebitleýin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky möhüm çäre

Sentýabr 25, 2025 | 18:30 |8619
23–26-njy sentýabr aralygynda Daşkentde ICT WEEK UZBEKISTAN 2025 – Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna (MAT) bagyşlanan çäre geçirilýär23–26-njy sentýabr aralygynda Daşkentde ICT WEEK UZBEKISTAN 2025 – Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna (MAT) bagyşlanan çäre geçirilýär
Çeşme: Агентство MCT

23–26-njy sentýabr aralygynda Daşkentde ICT WEEK UZBEKISTAN 2025 – Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna (MAT) bagyşlanan çäre geçirilýär. 2004-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän ICT hepdeligi tejribe alyşmakda, gazanylan üstünlikleri görkezmekde we halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda esasy meýdança hökmünde tanalyp gelýär.

1

Bu ýylky foruma MAT pudagynyň öňdebaryjylary, döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara kompaniýalar, maýadarlar we startaplar gatnaşýarlar. Maksatnamada giň göwrümli sergi göz öňünde tutulyp, onda bulut hyzmatlaryndan başlap, emeli aň esasly çözgütlere, sanly energetikadan telekommunikasiýa senagatyna çenli täze mümkinçilikler görkezilýär. Şeýle-de dürli ýurtlaryň tejribesine degişli sanly ykdysadyýetiň geljegine we innowasion taslamalara bagyşlanan bölümçe maslahatlary meýilleşdirilýär.

2

Aýratynam, Türkmenistanyň gatnaşmagy üns merkezinde. Sergide ilkinji gezek milli startap ekoulgamlarynyň taslamalaryny halkara derejesinde görkezýän StartUp Academy (https://startup-tm.com/) stendi ýerleşdirildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň arasynda emeli aň ugurly türkmen startapy KinesteX (https://www.kinestex.com/) bar, onuň ýolbaşçysy – baş ýerine ýetiriji direktor Nikita Starow.

3

Sergi hünärmenler we telekeçiler üçin iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga, halkara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. StartUp Academy bilen KinesteX-iň gatnaşmagy Türkmenistanyň innowasion başlangyçlaryny dünýä derejesinde ilerletmekde möhüm ädimdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026