HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi elektron alyş-çalyş ulgamynyň ösüşini güýçlendirýär

Sentýabr 25, 2025 | 20:00 |6896
15–20-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri bilen bilelikde Estoniýa iş sapary bilen bardylar15–20-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri bilen bilelikde Estoniýa iş sapary bilen bardylar
Çeşme: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

15–20-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri bilen bilelikde Estoniýa iş sapary bilen bardylar. Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan «Türkmenistanda pudagara elektron ayş-çalyş synag ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam bermek» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti dünýäde giňden ykrar edilen Estoniýanyň sanly transformasiýa modelini öwrendi. Esasy üns elektron dolandyryş üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän X-Road platformasyna gönükdirildi.

Türkmenistanyň wekilleri sanly şahsyýetnamalaşdyrma, X-Road arhitekturasy, kiberhowpsuzlyk, maglumat dolandyryşy we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça amaly bilimleri aldylar. Şeýle hem bilermenler döwlet hyzmatlarynda emeli aňyň ulanylmagy, e-Residency we eID taslamalary, şeýle-de «ýaşyl» maglumat merkeziniň infrastrukturasy bilen tanyşdyrdylar.

Gatnaşyjylar öňdebaryjy hünärmenlerden bilim alyp, integrirlenen elektron hyzmatlary bilen tanyşdylar. Bu sapar Türkmenistanyň on minitstrliginde ornaşdyrylan pudagara maglumat alyş-çalyş ulgamynyň dowamly ösüşiniň bir bölegi boldy. Häzirki wagtda onuň çäginde 12 döwlet maglumat ulgamy integrirlendi.

Alnan bilimleriň ulgamyň giňden ulanylmagyna, sanly hyzmatlaryň netijeliliginiň ýokarlanmagyna hem-de ýurduň sanly transformasiýasynyň çaltlandyrylmagyna ýardam etmegine garaşylýar. Bu başlangyç Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň (2019–2025) hem-de Döwlet Maksatnamasynyň (2021–2025) çäklerinde amala aşyrylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026