HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Iş Nokady täze giňişligi açýar: Türkmenbaşydaky bilim merkezi

Sentýabr 25, 2025 | 14:31 |20601
Ýakynda “Iş Nokady” kompaniýasynyň koworking merkezi paýtagtyň çäginden çykyp, Türkmenbaşy şäherinde öz şahamçasyny açdyÝakynda “Iş Nokady” kompaniýasynyň koworking merkezi paýtagtyň çäginden çykyp, Türkmenbaşy şäherinde öz şahamçasyny açdy
Çeşme: orient.tm

Bäş ýyldan gowrak mundan ozal Aşgabatdaky “Berkarar” işewürlik merkezinde “Iş Nokady” kompaniýasynyň ilkinji koworking merkezi açyldy. Onuň maksady – kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döretmekdi. Ilkibaşdan ýurdumyz boýunça şahamçalaryň açylmagy meýilleşdirilipdi.

Şondan bäri koworking merkezi işjeň ösüş ýoluna düşüp, hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilim çäreleriniň, ussatlyk sapaklarynyň, seminarlaryň geçirilýän işewürlik giňişligine öwrüldi.

Mundan başga-da, ýaş telekeçiler, frilanserler, startapçylar, IT hünärmenleri we başgalar döwrebap iş ýerlerine, gepleşik otaglaryna we hünär edebiýatlaryna mümkinçilik alýarlar.

Ф 2.jpg

Koworking merkezi diňe özüniň mümkinçiliklerini kämilleşdirmän, eýsem hyzmatdaşlarynyň ösüşine hem goldaw berdi. Mysal üçin, zenanlar üçin hünär taýýarlyk merkeziniň açylmagynda “Iş Nokady” “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyna uly goldaw berdi.

2023-nji ýylda kompaniýa ikinji koworking merkezini, bir ýyl soň bolsa üçünjisini açdy. Şu ýylyň başynda, 12-nji fewralda, “Iş Nokady” köp sanly egindeşlerini, dostlaryny, diplomatlary, hyzmatdaşlaryny jemläp, 5 ýyllygyny belledi. Dabara gatnaşyjy telekeçiler öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürlediler.

ф 3.jpg

“Iş Nokady” birnäçe halkara taslamalaryň resmi wekili bolup durýar. Olaryň arasynda ITEA Halkara IT akademiýasy, Coddy çagalar üçin programmirleme mekdebi, Halkara işewürlik mekdebi City Business School, çagalar we ýetginjekler üçin Halkara işewürlik mekdepleri BigBoss, MiniBoss we beýlekiler bar.

Ýakynda “IT Nokady” Belarusyň Academy BELHARD bilen bilelikde taýýarlanan bäş täze ugur boýunça okuwlaryň başlanandygyny mälim etdi. Täze maksatnamalaryň hatarynda düzgünli dolandyryş, topar dolandyryşy, işewürlikde emeli aňyň ulanylyşy we “soft skills”-leriň ösdürilmegi bar.

Ýakynda bolsa möhüm waka bolup geçdi – koworking merkezi paýtagtyň çäginden çykyp, Türkmenbaşy şäherinde öz şahamçasyny açdy.

Ф 4 а ПОДРЕЗАН.JPG

Dabaraly açylyşa köp myhmanlar gatnaşdy. Olaryň arasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (PÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, şeýle-de Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luiji Ferrari dagy bolup, gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

ф 5 а ПОДРЕЗАН.JPG

Täze “Iş Nokady” şahamçasy port şäheriniň ýaşaýjylaryna doly bilim hyzmatlaryny hödürleýär. Şolaryň arasynda:

• IT okuwlary (grafiki dizaýn, frontend ösüşi, programmirleme);

• Daşary ýurt dilleri (iňlis, ispan, italýan, ýapon, hytaý);

• Çagalar üçin “MiniBoss” we “BigBoss” maksatnamalary;

• “Royal British School” okuwlary;

• “Leonardo” döredijilik maksatnamasy.

Şeýlelikde, “Education Nokady”-niň dil ugrunyň çäginde häzirki döwürde iň giňden ulanylýan daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna uly ähmiýet berilýär. Aýratyn üns bolsa çagalar üçin taýýarlanan “MiniBoss” (kiçi ýaşdaky mekdep okuwçylaryna) we “BigBoss” (ýetginjeklere) maksatnamalaryna gönükdirilýär. Bu okuwlar ýaşlarda liderlik häsiýetlerini hem-de telekeçilik başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Bilim almaga, şahsy ösüşi gazanmaga we üstünlige ymtylýanlaryň hemmesi üçin Türkmenbaşy şäherindäki “Iş Nokady" merkeziniň gapylary giňden açyk.

Bu ýerde siz täze dostlary taparsyňyz, pikirdeşleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz bilen tanyşarsyňyz.

Ф 6 Кода.JPG

Guramaçylar täze döwrüň hünärmenlerini taýýarlamak üçin öz tejribesini paýlaşmaga taýýar IT ugurly hünärmenleri hem-de mentorlary toparlaryna çagyrýarlar.

Enejan KEPBANOWA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026