HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF Inklýuziw bilim tejribesini giňeldýärler

Sentýabr 25, 2025 | 10:45 |7957
ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi we durmuş taýdan goraglylyk pudagyndaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde inklýuziw bilimiň ornaşdyrylmagyny ýurduň dürli künjeklerindäki synag mekdeplerde we çagalar baglarynda giňeldýär.ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi we durmuş taýdan goraglylyk pudagyndaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde inklýuziw bilimiň ornaşdyrylmagyny ýurduň dürli künjeklerindäki synag mekdeplerde we çagalar baglarynda giňeldýär.
Çeşme: education.gov.tm

ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi we durmuş taýdan goraglylyk pudagyndaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde inklýuziw bilimiň ornaşdyrylmagyny ýurduň dürli künjeklerindäki synag mekdeplerde we çagalar baglarynda giňeldýär.

14–20-nji sentýabr aralygynda bu mekdepleriň we çagalar baglarynyň mugallymlary hem-de hünärmenleri milli we halkara bilermenler bilen bilelikde has elýeterli bilim gurşawyny döretmek ugrunda işlediler. Täze çemeleşmeler her bir çaganyň, şol sanda maýyplygy ýa-da aýratyn zerurlyklary bolan çagalaryň deň şertlerde okap, oýnap we ösüş gazanyp biljek synplarynyň hem-de toparlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.

1

Bu başlangyjyň çäginde mugallymlar we mekdep müdirleri üçin inklýuziýanyň häzirki zaman usullary boýunça okuwlar guralýar, mekdepler ýörite sazlap bolýan partalar we oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylýar, ene-atalaryň bilim prosesine işjeň gatnaşmagy üpjün edilýär. Oýun usullary bilen milli medeni aýratynlyklara laýyklykda çemeleşmek hem möhüm ugurlaryň biri boldy.

Mundan başga-da, aýratyn bilime mätäç çagalary ir tanamak we goldamak ulgamy berkidilýär, bu bolsa olaryň jemgyýete uýgunlaşmagy we ýurdumyzyň bilim edaralarynda mümkinçilikleriniň doly açylmagy üçin goşmaça şertler döredýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026