HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Maglumat tehnologiýalary babatda Startap bäsleşigi yglan edildi

Sentýabr 25, 2025 | 09:50 |8973
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

Bäsleşige ýokary synp okuwçylary, talyplar, mugallymlar, telekeçiler, innowasion pikirleriň garaşsyz awtorlary, IT pudagynyň we döredijilik senagatynyň hünärmenleri gatnaşmaga çagyrylýar.

Arzalar 22-nji oktýabra çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetinde (Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat) kabul edilýär. Her gatnaşyjy diňe bir taslamany hödürläp biler.

1

Başlangyç tapgyrda taslamalar bilermenler tarapyndan saýlama synagyndan geçiriler. Iň gowy işleriň awtorlary üçin startaplary dolandyrmak, maýa goýumlary çekmek hem-de tanyşdyryş çäreleri boýunça okuw maksatnamasy (bootcamp) guralar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 25-nji noýabrda geçiriler. Gatnaşyjylar taslamalaryny eminleriň, maýadarlaryň we bilermenleriň öňünde açyk görnüşde tanyşdyrarlar. Işlere alty görkezijä görä baha berler: innowasiýalygy, durmuş-ykdysady ähmiýeti, durmuşa geçirilişi, işewürlik nusgasy, toparlaýyn iş we tanyşdyryş derejesi.

Netijeler boýunça alty ýeňiji saýlanar: birinji derejeli baýrak bilen bir, ikinji derejeli baýrak bilen iki we üçünji derejeli baýrak bilen üç taslama. Ýeňijiler Hormat hatlary hem-de guramaçylar bilen bäsleşigiň baş hemaýatkäri «TMT Consulting Group» Hojalyk jemgyýeti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar. Guramaçylar tarapyndan bellenen taslamalaryň awtorlary üçin höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin maýadar tapmakda goldaw berer.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-71-93, 22-74-07, 22-70-38.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026