HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

Sentýabr 25, 2025 | 00:45 |9066
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşyk geçirdiAmerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: onlinetv

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpden bäri dowam edýändigini tassyklady we onuň ösüşindäki täze ugurlaryny kesgitledi.

Bellenilişi ýaly, Awstriýa – Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede özara hereketleri utgaşdyrmaga esas bolup hyzmat edýär. Döwletler diňe bir ikitaraplaýyn däl, köptaraplaýyn görnüşde, esasanam BMG-niň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Awstriýanyň kompaniýalary, nebitgaz pudagyndan başlap saglygy goraýyşa çenli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin öňdebaryjy enjamlary ygtybarly üpjün edýärlerr. Taraplar iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini bellediler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetli goşant goşýar. Türkmen sazandalary Awstriýadaky festiwallarda yzygiderli gatnaşýarlar, Türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi we Türkmenistanda Wena baly geçirilýär.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow awstriýaly kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäginde 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriler.

Çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Prezident Aleksandr Wan der Bellen Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylyga möhüm goşant goşýandygyny we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026