HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eswatininiň Patyşasy duşuşdy

Sentýabr 24, 2025 | 08:00 |7058
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. Gepleşikler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň meýdançasynda geçirildi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Eswatininiň Patyşasy şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Patyşa Mswati III bu ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde we dünýä derejesinde tagallalaryň netijeli utgaşdyrylmagynda Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamyda ýakynda Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmeginiň wajyp ähmiýeti nygtaldy. Taraplar bu wakanyň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda uzak möhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýady döredýändigi we iki halkyň ýakynlaşmagyna goşant goşjakdygy barada bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026