HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedowyň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy boldy

Sentýabr 24, 2025 | 08:40 |7162
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Gepleşikler 23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Baştutany Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyny mynasybetli Baş sekretary we guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady.

Antoniu Guterriş öz gezeginde şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy. Baş sekretar sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine Türkmenistanyň goşýan goşandyny aýratyn nygtady we geçen 80 ýylyň dowamynda BMG tarapyndan parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny belledi.

Esasy temalaryň biri Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty boldy. Baş sekretar bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň bu döwletleriň meselelerini çözmek boýunça BMG-niň alyp barýan işinde täze tapgyry açandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçiriler.

BMG-niň Baş sekretary çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026