Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi


Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr, maslahatlar geçirilýär.
Geçirilýän çäreleriň çäklerinde, 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Biraýlygyň dowamynda ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge gönükdirilen bu çäreler, ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny, howpsuzlygyny goramaga gönükdirilendir.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ulag ýollarynyň doly döwrebaplaşdyrylyp, täze köprüleriň, ähli zerur düzümi bolan ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurulýandygy we ýol gözegçilik gullugynyň işiniň barha kämilleşdirilýändigi barada buýsanç bilen bellediler.








