HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda howa üýtgeşmeleri bolar

Sentýabr 23, 2025 | 12:03 |8151
Hepdäniň başynda Türkmenistandaky howa şertlerine antisiklonyň emele gelmegi we onuň günorta-gündogar periferiýasy täsir etdiHepdäniň başynda Türkmenistandaky howa şertlerine antisiklonyň emele gelmegi we onuň günorta-gündogar periferiýasy täsir etdi
Çeşme: orient.tm

Hepdäniň başynda Türkmenistandaky howa şertlerine antisiklonyň emele gelmegi we onuň günorta-gündogar periferiýasy täsir etdi. Duşenbe güni Balkan welaýatynyň käbir ýerlerinde az-owlak ýagyş ýagdy, käbir sebitlerde ýyldyrym çakdy.

Şu gün, sişenbe güni, gije howa temperaturasynyň Daşoguz welaýatynda +10…+15° aralygynda, beýleki welaýatlarda +12…+17° aralygynda, käbir ýerlerde bolsa +19° çenli ýetendigi bellendi. Gündiz bolsa ýurt boýunça howa +23…+28° aralygynda bolar, Aşgabatda howa +25…+27° çenli gyzar.

Çarşenbe gijesi temperatura demirgazykda +11…+16°, merkezi we günorta sebitlerde +14…+19° aralygynda bolar. Antisiklon gündogara tarap çekilip, pes basyşly zolagyň emele gelmegi bilen günorta tarapdan has ýyly howa akymy aralaşyp başlar. Gündiz howa +26…+31° çenli gyzar, ýurduň günbatarynda bolsa has salkynrak bolup, +20…+25° aralygynda bolar.

Penşenbe we anna günleri howa üýtgemez. Gündiz temperaturanyň agdyklyk etjek aralygy +26…+31° bolup, gijeler bolsa orta derejede salkyn bolup galar diýip, meteorologiýa žurnaly ýazýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026