HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwran Şammyýew “Silk Way Star” aýdym-saz bäsleşiginde ilkinji üçlüge girdi

Sentýabr 22, 2025 | 15:10 |10031
Gazagystanda 12 ýurtdan zehinli aýdymçylary bir ýere jemlän giň göwrümli aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji gezek görkezilişi boldy.Gazagystanda 12 ýurtdan zehinli aýdymçylary bir ýere jemlän giň göwrümli aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji gezek görkezilişi boldy.
Çeşme: Silk Way Star

20-nji sentýabrda Gazagystanda 12 ýurtdan zehinli aýdymçylary bir ýere jemlän giň göwrümli aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji gezek görkezilişi boldy.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistana bäsleşikde meşhur ýerine ýetiriji Döwran Şammyýew wekilçilik edýär. Halkara eminler toparynda hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Resull Gylyjow iş alyp barýar. Premýera bölüminde Şammyýew «Eşityäñmi olary» awtorlyk eserini ýerine ýetirdi. Halkara eminler tarapyndan berlen sesleriň netijesinde ol 120 bal toplap, ilkinji üçlüge girmegi başardy.

Birinji bölümde öňdebaryjylygy 126 bal bilen Malaýziýadan gatnaşan aýdymçy gazandy. Ikinji orny bolsa 122 bal bilen Özbegistandan gelen aýdymçy eýeledi. Öňde entek 9 bölüm bar.

Bu şowhunly bäsleşigiň dürli ýumuşlary, medeni duetleri, onlarça dilde aýdylýan aýdymlary we ilkinji köpdilli ýyldyzyň parlajak dabaraly konserti öz içine alýandygyny belläp geçmeli. Taslama jemi 10 bölümden ybarat bolup, her bölüm 100 minutdan gowrak dowam edýär.

Bäsleşik her hepde ýaýlymda görkeziler, ähli gatnaşyjy ýurtlaryň tomaşaçylary bolsa ýeňijini kesgitlemek üçin onlaýn ses berişlige gatnaşyp bilerler.

Jemleýji şowhunly dabara 22-nji noýabrda Jibek Joly teleýaýlymynda we gatnaşyjy ýurtlaryň öňdebaryjy teleýaýlymlarynda göni ÿaýlymda görkeziler. Ýeňiji sesleriň utgaşmasy boýunça kesgitlener: 50% — eminler toparynyň karary, 50% — tomaşaçylaryň onlaýn ses berişligi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026