HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parahatçylyk söýüjilik syýasaty: Rumyniýada Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy baradaky maslahat geçirildi

Sentýabr 21, 2025 | 15:30 |5845
17-nji sentýabrda Buharestdäki “Politehnika” Milli Ylymlar we Tehnologiýa Uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi17-nji sentýabrda Buharestdäki “Politehnika” Milli Ylymlar we Tehnologiýa Uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

17-nji sentýabrda Buharestdäki “Politehnika” Milli Ylymlar we Tehnologiýa Uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Çäräniň guramaçysy Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy bolup, ol ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahata diplomatlar, rumyn döwlet we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem talyplar gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.

1

Uniwersitetiň rektory, professor Mihneýa Kostoiu Türkmenistanyň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik häsiýetini belledi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew çykyşynda bitaraplygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýady bolup durýandygyny we onuň üç gezek BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanylandygyny aýratyn belledi.

Maslahatda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösüş mümkinçiliklerine hem üns berildi, şol sanda:

• Hazar deňzi – Gara deňiz ulag geçelgesi.

• Energetika, sanly tehnologiýalar we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk.

Çäräniň ahyrynda myhmanlar ýörite guralan sergide we milli tagamlary datmak dabarasynda Türkmenistanyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026