HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatynyň mejlisiniň esasy çözgütleri: ykdysadyýetden täze özgertmelere çenli

Sentýabr 20, 2025 | 12:40 |43417
19-njy sentýabrda, Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdy mundan beýläkde durmuş-ykdysady we dolandyryş-çäk bölünişigi bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edildi19-njy sentýabrda, Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdy mundan beýläkde durmuş-ykdysady we dolandyryş-çäk bölünişigi bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edildi
Çeşme: tdh.gov.tm

19-njy sentýabrda, Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdy mundan beýläkde durmuş-ykdysady we dolandyryş-çäk bölünişigi bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisiň dowamynda birnäçe möhüm kararlar we kanunçylyk bilen bagly başlangyçlar tassyklandy.

Ykdysady üstünlikler we maýa goýum maksatnamalary

Mejlisde ýokary ykdysady netijeler beýan edildi: jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Ykdysadyýeti has-da ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard manatdan gowrak möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär.

Ileri tutulýan energetika taslamalarynyň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň esasy tapgyrynyň gurluşygy, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işleri we elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi bellenilip geçildi. Senagat pudagynda täze önümçilik desgalaryny şol sanda karbamid we mineral dökünleri öndürýän toplumy işe girizmek şeýle hem dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Dolandyryş-çäk bölünişigi we sebitleriň ösüşi

Mejlisiň iň esasy netijeleriniň biri, täze dolandyryş-çäk bölünişigi – etraplary döretmek baradaky kararyň kabul edilmegi boldy. Täze etraplar Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döredildi. Ýerli ýaşaýjylaryň tekliplerine esaslanýan bu karar dolandyryşy kämilleşdirmäge we ilatyň durmuş-ykdysady şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Durmuş syýasaty we abadançylyk

durmuş taýdan goraglylygy we iş üpjünçiligi meselelerine üns berildi. Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak boljakdygy bellenildi. Saglygy goraýyş ulgamynda täze köpugurly we ýöriteleşdirilen hassahanalaryň şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri gurular.

Daşary syýasat we halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine we “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasyna ygrarlydygyny tassyklady. Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. BMG-niň esaslandyrylmagynyň ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy geçiriler.

Gol çekilen kararlar we sylaglar

Mejlisiň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow möhüm resminamalara şol sanda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Konstitusion kanunyna şeýle hem häkimliklerini döretmek we senagat desgalaryny gurmak hakynda kararlara gol çekildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde geçirilen dabaranyň çäginde bitiren hyzmatlary üçin hormatly ýaşulular we eneler sylaglandy.

Çeşme: Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan şu gün» web sahypasy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026