HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Çingiz Aýtmatowyň mirasy baradaky garaýyşlary ÝUNESKO-da geçirilen maslahatda beýan edildi

Sentýabr 20, 2025 | 12:35 |7647
Türkmen wekiliýeti öz çykyşlarynda Çingiz Aýtmatowyň döredijiligine degişli temalara garap geçdi, şeýle hem Aşgabatdaky Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda ornaşdyrylan Çingiz Aýtmatowyň ýadygärligine bagyşlanan wideoýazgysyny görkezdiler.Türkmen wekiliýeti öz çykyşlarynda Çingiz Aýtmatowyň döredijiligine degişli temalara garap geçdi, şeýle hem Aşgabatdaky Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda ornaşdyrylan Çingiz Aýtmatowyň ýadygärligine bagyşlanan wideoýazgysyny görkezdiler.
Çeşme: orient.tm

19-njy sentýabrda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Gyrgyz Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliýeti tarapyndan, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretariaty, Türki medeniýeti we mirasy gaznasy, Gyrgyz Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň hem-de Ankaradaky Çingiz Aýtmatow adyndaky institutynyň gatnaşmagynda «Dünýäni birleşdirýän umumy miras» atly halkara maslahaty geçirildi.

Çärä ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary, türki dünýäsiniň hem-de beýleki ýurtlaryň ilçileri, hemişelik wekilleri, ýokary derejeli diplomatlary, alymlary we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistana bu maslahatda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan filologiýa ylymlarynyň doktory Myrat Tuwakow we filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýew wekilçilik etdiler. Türkmen wekiliýeti öz çykyşlarynda Çingiz Aýtmatowyň döredijiligine degişli temalara garap geçdi, şeýle hem Aşgabatdaky Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda ornaşdyrylan Çingiz Aýtmatowyň ýadygärligine bagyşlanan wideoýazgysyny görkezdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Çingiz Aýtmatowyň döredijilik we ruhy mirasy barada pikir alyşdylar, onuň Gündogary we Günbatary birleşdirýän «köpri» hökmünde ähmiýetini nygtadylar. Onuň eserleriniň esasy temalarynyň — ýat, şahsyýet, nesilleriň dowamatlylygy, medeni gymmatlyklara hormat — umumy dünýä ähmiýetine eýedigi bellenildi. «Mankurt» düşünjesine aýratyn üns berlip, onuň taryhy kökleriň we ruhy ýadyň ýitirilmegi howpunyň nyşany hökmünde ähmiýeti açyldy.

Aýtmatowyň eserleriniň dünýäniň 170-den gowrak diline terjime edilendigi, häzirki wagtda-da öz ähmiýetini saklap, medeniýetara dialoga we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýändigi nygtaldy.

Ýazyjynyň ogly Eldar Aýtmatow hem kakasynyň tebigata, taryha we biri-birine bolan adamzat jogapkärçiligi baradaky pikirleriniň häzirki döwrüň ählumumy çökgünliginde ähmiýetiniň üýtgemezligine ünsi çekdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026