HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Dragon Oil": çärýek asyr bäri Türkmenistanda üstünlik we ösüşe tarap ymtylyş

Sentýabr 19, 2025 | 15:25 |7511
Awazada geçirilýän maýa goýum forumynyň çäginde habarçymyz “Dragon Oil”-iň marketing we döwlet edaralary bilen aragatnaşyklar boýunça Baş menejeri Said Al Şamsi bilen gysgaça söhbetdeş boldyAwazada geçirilýän maýa goýum forumynyň çäginde habarçymyz “Dragon Oil”-iň marketing we döwlet edaralary bilen aragatnaşyklar boýunça Baş menejeri Said Al Şamsi bilen gysgaça söhbetdeş boldy
Çeşme: orient.tm

Awaza, 18-nji sentýabr | ORIENT. Awazada geçirilýän maýa goýum forumynyň çäginde habarçymyz “Dragon Oil”-iň marketing we döwlet edaralary bilen aragatnaşyklar boýunça Baş menejeri Said Al Şamsi bilen gysgaça söhbetdeş boldy. Ol forumda baş ýerine ýetiriji direktor Abdulkarim Ahmed Al Mazminiň adyndan gutlag sözi bilen çykyş etdip, kompaniýanyň strategiki garaýşyny beýan etdi: innowasiýa we durnukly ösüşe gönükdirilen nebitgaz pudagynda dünýä oýunçysy hökmünde ykrar edilmek.

Jenap Al Şamsi söhbetdeşligiň dowamynda kompaniýanyň Türkmenistan bilen 25 ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyny buýsanç bilen belläp geçdi. Geçen ýyllaryň dowamynda “Dragon Oil” ýurda 11 milliard dollardan gowrak maýa goýdy, jemi önümçiligi bolsa 440 million barrelden geçdi.

Kompaniýanyň durmuş ugurly işlere goşan goşandyna aýratyn üns berildi. “Dragon Oil” kompaniýasy hyzmatdaşlygy ýola goýan gününden bäri bilimi, medeniýeti, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini goldaýan ýerli durmuş ugurly taslamalara 250 million dollardan gowrak maýa goýdy. Bu sanlar, kompaniýanyň wekiliniň belleýşi ýaly, “Dragon Oil”-iň ýerli jemgyýete çuňňur ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

1758184134857.jpg

Iň möhüm sanlaryň biri Said Al Şamsiniň sözlerine görä, toparyň düzümi: kompaniýanyň 2200-den gowrak işgäriniň 93% -i Türkmenistanyň raýatlarydyr. Bu ynamyň we üstünlikli hyzmatdaşlygyň görkezijisidir.

Kompaniýanyň ähli alyp barýan işleri bäş esasy gymmatlyga esaslanýar: jogapkärçilik, dogryçyllyk, hormat, innowasiýa we artykmaçlyk diýip, Said Al Şamsi nygtady. Bu ýörelgeler, ösüşe ygrarlylyk hökmünde, “Dragon Oil”-iň geljek ýyllar üçin strategiýasyny kesgitleýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026