HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda koreý we ýapon dilleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Sentýabr 14, 2025 | 14:30 |6168
Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň 9-njy synplary üçin täze iki okuw kitaby çap edildi: «Koreý dili» we «Ýapon dili»Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň 9-njy synplary üçin täze iki okuw kitaby çap edildi: «Koreý dili» we «Ýapon dili»
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň 9-njy synplary üçin täze iki okuw kitaby çap edildi: «Koreý dili» we «Ýapon dili». Olaryň neşir edilmegi ýurdumyzyň daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly tehnologiýalary okuw prosesine ornaşdyrmak boýunça giň gerimli tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlanan bu okuw kitaplarynyň birnäçe meňzeş aýratynlyklary bar. Olara tekstler we sözlükler üçin audio ýazgylar goşulyp, okuwçylaryň diňläp düşünmek hem-de geplemek başarnyklaryny ösdürmegine ýardam edýär.

• Koreý dili boýunça okuw kitaby (awtorlar: D.Söýünnazarowa, M.Mämmedowa) gyzykly gönükmeler, goşgular, nakyllar we tapmaçalar bilen baýlaşdyrylyp, reňkli suratlar bilen bezelen.

• Ýapon dili boýunça okuw kitaby (awtorlar: H. Ito, N. Katsu, A. Taganowa) maşgala, jemgyýet, medeniýet ýaly dürli temalary öz içine alýan degişli sekiz bapdan ybarat bolup, ahyrynda ikidilli sözlük ýerleşdirilen.

Bu iki gollanma okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge gyzyklanmasyny artdyrmaga we ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Täze okuw kitaplarynyň neşir edilmegi Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm ädimleriniň biridir. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýurdumyzda geljekki ösüşiň esasy binýadynyň biri hasaplanýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026