HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 18, 2025 | 15:00 |6817
16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri D. Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroşi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri D. Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroşi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: orient.tm

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri D. Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroşi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen geljekki taslamalar boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministri hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny nygtady. Şeýle hem ministr, häzirki wagtda müňlerçe türkmen mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň öwrenýän ýapon diline gyzyklanmalarynyň artýandygyny belledi.

Duşuşykda aşakdaky ugurlar boýunça teklipler öňe sürüldi:

• Wodorod energetikasy boýunça bilelikdäki okuw maksatnamalary.

• Mugallymlaryň we talyplaryň takyk ylymlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Ýaponiýanyň JICA we MEXT maksatnamalary arkaly mümkinçilikleri.

• Ýapon dili öwredilýän Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi.

• Ýaponiýanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň 10–12-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmagy.

Taraplar bellenilen maksatlara ýetmek üçin ikitaraplaýyn goldawy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026