HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Osakadaky «Ekspo-2025» sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna meşhur ýapon aktrisa baryp gördi

Sentýabr 18, 2025 | 13:15 |7289
Osakada geçirilýän «Ekspo-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýony ýene-de üns merkezinde boldyOsakada geçirilýän «Ekspo-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýony ýene-de üns merkezinde boldy
Çeşme: orient.tm

Osakada geçirilýän «Ekspo-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýony ýene-de üns merkezinde boldy.

Onuň hormatly myhmanlarynyň biri meşhur ýapon aktrisasy, model, jemgyýetçilik işgäri we Ýapon pawilýonynyň direktory Norika Fudziwara boldy.

Павильон Туркменистана на «Экспо-2025» 1.jpg

Onuň bu sapary çärä aýratyn öwüşgin berdi hem-de Türkmenistana, onuň medeniýetine we häzirki zaman üstünliklerine bolan gyzyklanmany açyp görkezdi.

Павильон Туркменистана на «Экспо-2025» 2.jpg

Hormatly myhmanlaryň arasynda Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň we diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary hem bardy.

Павильон Туркменистана на «Экспо-2025» 3.jpg

Pawilýona Osaka prefekturasynyň wise-gubernatorlary Sigeki Watanabe we Nobuhiko Ýamaguti, Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyklar ministrliginiň baş direktory Kuniaki Hara, Fransiýanyň baş komissary Žak Mer, «Ekspo» Assosiasiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary Manatsu Itinoki, Sukuba uniwersitetiniň rektory Kýosuke Nagata, ABŞ pawilýonynyň direktory Rami Şakra, Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakraliew, şeýle-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň parlament boýunça wise-ministri, Geňeşçiler palatasynyň agzasy Akiýosi Kato bardy.

Павильон Туркменистана на «Экспо-2025» 4.jpg

Myhmanlara ýurduň baý medeni mirasy, el işleri, binagärlik däpleri hem-de dürli ugurlardaky häzirki zaman taslamalary bilen tanyşmak mümkinçilikleri hödürlendi. Mähirli garşylama we inçelik bilen taýýarlanan türkmen tagamlary pawilýondaky ýagdaýy has-da ýatda galyjy etdi.

Павильон Туркменистана на «Экспо-2025» 5.jpg

Hormatly myhmanlaryň pawilýona baryp görmekleri ýene bir gezek Türkmenistana halkara derejesinde uly gyzyklanmanyň bardygyny, ýurduň öz medeniýetini, däplerini we innowasiýalaryny dünýä giňişliginde üstünlikli tanadýandygyny görkezdi.

Павильон Туркменистана на «Экспо-2025» 6.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026