HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

PETRONAS tehnolog-hünärmenleriniň täze nesli üçin esas goýýar

Sentýabr 18, 2025 | 16:10 |8848
“PETRONAS” kompaniýasy Türkmenistanda üç ýyla golaý wagt bäri işleýär we onuň umumy maýa goýumlary 11,6 milliard dollardan geçdi“PETRONAS” kompaniýasy Türkmenistanda üç ýyla golaý wagt bäri işleýär we onuň umumy maýa goýumlary 11,6 milliard dollardan geçdi
Çeşme: orient.tm

“PETRONAS” kompaniýasy Türkmenistanda otuz ýyla golaý wagt bäri işleýär we onuň umumy maýa goýumlary 11,6 milliard dollardan geçdi. Bu maýa goýumlar gury ýerde we deňizde giň infrastrukturany döretmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda kompaniýa her günde takmynan 400 million kub fut gazy we 30 000 barrele golaý suwulandyrylan uglewodorody öndürýär.

Şeýle-de bolsa, “PETRONAS”-yň goşýan goşandy diňe bir maliýe tarapy bilen çäklenmeýär – kompaniýa adam maýasyna işjeň maýa goýýar diýip, Awazadaky maýa goýum forumyň meýdançasynda “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ismadi bin Ismail ORIENT bilen geçiren gürrüňdeşliginde belledi.

“Bizde örän köp zehinli hünärmenler bar we olaryň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine we PETRONAS-da has ýokary wezipelere eýe boljakdygyna biz ynanýarys” – diýip, ol buýsanç bilen belledi.

18092025-petronas-novoe-pokolenie (3).jpg

Şeýle hem, kompaniýa täze nesil üçin esas döretmäge çalyşýar. Bu maksatnamanyň çäginde “PETRONAS” ýakynda ýene 15 sany talyby bilim almak üçin iberdi. Maliýe artykmaçlyklaryndan başga-da, bu işler ýerli hyzmatlary üpjün edijilere we hyzmatdaşlara ep-esli derejede oňyn netijäni getirer.

Gelejekdäki işler barada aýdyp, Ismadi bin Ismail kompaniýanyň täze mümkinçiliklere seredilýändigini tassyklady hem-de geljekki meýilnamalaryň “OGT 2025”-de mälim ediljekdigini aýtdy.

Seýli ARYŞOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026