HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky duşuşyk: Bütindünýä banky bilen “Bitewi saglyk” taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk

Sentýabr 17, 2025 | 17:20 |7345
16-njy sentýabrda Aşgabatda Bütindünýä bankynyň oba hojalyk boýunça uly ykdysatçysy Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleri bilen möhüm duşuşyk geçirdi16-njy sentýabrda Aşgabatda Bütindünýä bankynyň oba hojalyk boýunça uly ykdysatçysy Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleri bilen möhüm duşuşyk geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy

16-njy sentýabrda Aşgabatda Bütindünýä bankynyň oba hojalyk boýunça uly ykdysatçysy Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleri bilen möhüm duşuşyk geçirdi. Gepleşikler azyk ulgamlaryny goramak we geljekdäki pandemiýalaryň öňüni almaga gönükdirilen “Merkezi Aziýada Bitewi saglyk” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda milli weterinariýa gullugynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak, epidemiologiki gözegçiligi berkitmek hem-de ýokanç we zoonotik kesellere gözegçilik etmek boýunça halkara tejribäni durmuşa geçirmek ýaly esasy taslamalaryň wezipelerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin weterinariýa ulgamyny berkitmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Meýilleşdirilen çäreler oba hojalygy we azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny hem-de pudagara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

“Merkezi Aziýada Bitewi saglyk” atly taslamasy sebitleýin we ählumumy derejedäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Ol ilatyň we janly-jandarlaryň saglygyny goramak üçin toplumlaýyn çemeleşmänä goşant goşýar. Bu bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026