HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň maýa goýum forumy üçin bütindünýä maliýe, senagat liderleri Aşgabada geldiler

Sentýabr 17, 2025 | 15:45 |9470
Şu gün halkara delegatlar Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF 2025) gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldiler. Ýokary derejeli ikitaraplaýyn (B2G) gepleşikleri hem öz içine almak bilen forumyň öňüsyrasyndaky çäreler paýtagtda eýýäm dowam edýär.Şu gün halkara delegatlar Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF 2025) gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldiler. Ýokary derejeli ikitaraplaýyn (B2G) gepleşikleri hem öz içine almak bilen forumyň öňüsyrasyndaky çäreler paýtagtda eýýäm dowam edýär.
Çeşme: orient.tm

AŞGABAT, Türkmenistan – 17-nji Sentýabr. Şu gün halkara delegatlar Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF 2025) gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldiler. Ýokary derejeli ikitaraplaýyn (B2G) gepleşikleri hem öz içine almak bilen forumyň öňüsyrasyndaky çäreler paýtagtda eýýäm dowam edýär. Delegatlar günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alarlar. Forumyň esasy sessiýalary 18-19-njy sentýabr aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Foruma 800-den gowrak delegatl gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu delegatlaryň düzüminde ýokary derejeli hökümet ministrleri, köpmilletli korporasiýalaryň ýolbaşçylary, maýa goýum banklarynyň ýolbaşçylary we görnükli ylmy-gözlegçiler bar.

17092025-lidery-finansovoj-promyshlennoj-sfer-pribyli-v-ashhabad-na-tif-2025 (1).jpeg

Awazadaky sessiýalarda 90-dan gowrak halkara bilermenler tarapyndan çykyşlar ediler. Ara alyp maslahatlaşmalar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk we senagat, ulag we logistika, howa şertlerine çydamly oba hojalygy, sanly we ýaşyl özgertmeler ýaly esasy pudaklarynda strategik maýa goýum mümkinçiliklerine gönükdiriler. Goşmaça sessiýalarda täze söwda bazarlaryna çykmak, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, howanyň üýtgemegi we ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek boýunça strategik ugurlara garalar. Çäre 50 resmi hemaýatçy we hyzmatdaş tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa foruma bolan halkara derejedäki güýçli gyzyklanmany görkezýär.

Türkmenistanyň maýa goýum forumy Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan guralýar. “Türkmen Kongres” ýardamçy guramaçy hökmünde çykyş edýär.

Forum barada has giňişleýin maglumat üçin tif-turkmenistan.com saýtyna giriň.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026