HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar zäherli himiki serişdesiz altyn gazyp almagyň howpsuz usulyny işläp düzdiler

Sentýabr 16, 2025 | 17:00 |6789
Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary altyny täze, ekologiýa taýdan howpsuz usul bilen çykarmagy başardylar. Bu usul gymmatbaha metaly diňe magdandan däl, eýsem elektron galyndylaryndan hem zyýanly maddalar — sianidi ýa-da simaby ulanmazdan almaga mümkinçilik berýärAwstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary altyny täze, ekologiýa taýdan howpsuz usul bilen çykarmagy başardylar. Bu usul gymmatbaha metaly diňe magdandan däl, eýsem elektron galyndylaryndan hem zyýanly maddalar — sianidi ýa-da simaby ulanmazdan almaga mümkinçilik berýär
Çeşme: habr.com

Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary altyny täze, ekologiýa taýdan howpsuz usul bilen çykarmagy başardylar. Bu usul gymmatbaha metaly diňe magdandan däl, eýsem elektron galyndylaryndan hem zyýanly maddalar — sianidi ýa-da simaby ulanmazdan almaga mümkinçilik berýär.

Proses, adaty ýagdaýda howuzlary arassalamak üçin ulanylýan trihlorizosianur turşusynyň ulanylmagy bilen başlanýar. Ol duzly suw bilen birleşende altyny eredýär. Soňra ergin nebit gaýtadan işlenenden alynýan elýeterli we giň ýaýran önümiň — kükürdiň esasynda taýýarlanan ýörite polimerden geçirilýär. Bu polimer altyny beýleki metallaryň arasynda-da özüne siňdirýär. Ondan soň altyn polimerden ýokary arassalyk derejesinde alynýar, polimeriň özi hem suw bilen gaýtadan ulanylyp bilner.

Adaty usullar, ýagny sianid bilen simap ulanyp altyn çykarmak tebigata we adamlaryň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Täze usul bolsa şeýle hapalanmalaryň öňüni alýar. Şeýle hem ol «şäher magdançylygy» diýlip atlandyrylýan — günsaýyn köpelýän elektron galyndylaryndan altyn çykarmaga täze mümkinçilik açýar (2022-nji ýylda olaryň mukdary 62 million tonna ýetdi). Tehnologiýa henizem giň möçberde synagdan geçirilmäge mätäç bolsa-da, ol has ygtybarly we täsirli önümçilige tarap möhüm ädim hasaplanýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026