HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli bäş taraplaýyn duşuşyk geçirilýär

Sentýabr 15, 2025 | 20:40 |8811
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Myrat Atajanow), Azerbaýjanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Samir Şarifow), Eýranyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Kazem Abadi), Gazagystanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Zulfiýa Amanžolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Nikolaý Udowiçenko) wekiliýetleri gatnaşdylar.

15092025-ashhabad-vstrecha-po-voprosam-kaspijskogo-morya (3).jpg

Türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk we Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine garaldy.

15092025-ashhabad-vstrecha-po-voprosam-kaspijskogo-morya (1).jpg

Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi öz işini dowam etdirýär.

Duşuşygyň gün tertibine 2026-njy ýylyň awgust aýynda Hazar döwletleriniň 7-nji sammitini geçirmek we Hazar deňziniň kenarýaka sebitleriniň baştutanlarynyň birinji halkara duşuşygyny guramak meselesi hem girizildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026