HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Sentýabr 15, 2025 | 00:50 |9274
14-nji sentýabrda Doha şäherinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşyk geçirdi14-nji sentýabrda Doha şäherinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: QNA

14-nji sentýabrda Doha şäherinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşlik duşenbe güni Dohada geçiriljek Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi we ony goldamagyň hem-de berkitmegiň ýollary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Kataryň “QNA” habarlar agentligi habar berýär.

G0068DJXMAAp5HY.jfif

Daşary işler ministrleriniň Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygy ýekşenbe güni Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň başlyklyk etmeginde geçirildi. Çärä Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdy.

15092025-rashid-meredov-katar-doha.jpg

Arap we yslam ýurtlarynyň liderleri Ysraýylyň Kataryň paýtagtyna uran zarbalaryna resmi taýdan jogap berilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Dohada ýygnanýarlar. Bu barada “Al Jazeera” teleýaýlymy habar berýär. “Bu çärä slam hyzmatdaşlyk guramasynyň 57 sany agza döwletleriniň we Arap döwletleriniň Ligasynyň 22 sany agza döwletleriniň lirderleri gatnaşar” – diýip, teleýaýlymda aýdyldy.

Sammite Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianiň, Pakistanyň Premýer-ministri Muhammet Şehbaz Şarifiň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşjakdygy tassyklan habar anyklanylýar.

Ozal Türkmenistanyň DIM-i Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýan beýanat bilen çykyş etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026