HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Aýdyň Gijeler” – Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2025-iň baş hemaýatkäri

Sentýabr 14, 2025 | 00:40 |10606
“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda öňdebaryjy senagat we tehnologiýa pudagyndaky oýunçylaryň biridir“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda öňdebaryjy senagat we tehnologiýa pudagyndaky oýunçylaryň biridir
Çeşme: orient.tm

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda öňdebaryjy senagat we tehnologiýa pudagyndaky oýunçylaryň biridir. Bu kompaniýa 18-19-njy sentýabr aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “TIF 2025” maýa goýum forumynyň baş hemaýatkäridir. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan bu forum hyzmatdaşlygyň we strategiki ösüşiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 45 döwletden 800-den gowrak wekiliýeti, şol sanda döwlet edaralarynyň wekillerini, işewür toparlaryny we halkara maýadarlary bir ýere jemlär.

13092025-aydyn-gijeler-tif-2025.jpg

On ýyldan gowrak wagt bäri “Aýdyň Gijeler” HJ ýurduň senagatlaşmagyna we importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek syýasatyna ähmiýetli goşant goşup, birnäçe möhüm ugurda bäsdeşlige ukyply we önümleri hödürläp gelýär.

• kabelleri we yşyklandyryjy sütünleri öndürmek;

• elektron enjamlarynyň we plastiki we SIM kartalary öndürmek;

• ýol yşyklary we ýol infrastrukturasynyň desgalaryny döretmek;

• IT çözgütlerini we integrasiýa taslamalaryny işläp düzmek.

“TIF 2025”-e goldaw bermek kompaniýanyň strategiki maksadyny görkezýär – Türkmenistanyň durnukly ösüşini pugtalandyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek. “Aýdyň Gijeler” HJ ählumumy derejedäki maýadarlar bilen açyk dialoga, tejribe alyşmaga we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga taýýardygyny tassyklaýar.

13092025-aydyn-gijeler-tif-2025 (3).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026