HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rimde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergi açylar

Sentýabr 08, 2025 | 18:30 |7293
Türkmenistanyň baý taryhy mirasyna bagyşlanan sergi 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Rimdäki Kapitoliý muzeýlerinde açylarTürkmenistanyň baý taryhy mirasyna bagyşlanan sergi 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Rimdäki Kapitoliý muzeýlerinde açylar
Çeşme: tourtrans.ru

Türkmenistanyň baý taryhy mirasyna bagyşlanan sergi 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Rimdäki Kapitoliý muzeýlerinde açylar. Ol «Türkmenistanyň gülläp ösüşi: bürünç eýýamyndaky Margiana we Parfiýa patyşalygy» adyny aldy.

Çäräni bilelikde gurnanlar: Roma Capitale, Sovrintendenza Capitolina ai Beniculturali, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, şeýle hem Italiýanyň ISMEO (Ortaýer deňzini we Gündogary öwrenmek baradaky Halkara birleşigi) we CRAST ylmy institutlary (Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlarynda arheologik barlaglar we gazuw işleri baradaky Turin merkezi).

Serginiň esasy bölegi häzirki zaman Türkmenistanyň çäginde b.e.öňki V–III asyrlarda ýaşap geçen Margiana medeniýetine bagyşlanar. Şeýle hem, Hazar deňziniň günorta-gündogaryndaky giň giňişliklerde, şol sanda häzirki Türkmenistanyň çäginde ýerleşen döwlet — Parfiýa patyşalygy barada ekspozisiýa görkeziler.

Bu serginiň geçirilmegi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2025-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň ISMEO we CRAST ylmy institutlary bilen baglaşan iki sany ylalaşygynyň netijesinde mümkin boldy. Çäre myhmanlara Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň kemala gelmegine goşant goşan gadymy medeniýetler bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026